Welaýatlardan habarlar

22 Sentýabr 2023
306

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanylyp, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça bäsleşik geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan ýaryş gyzykly we çekeleşikli häsiýetde geçdi. Aýratyn-da, 100 metr aralyga ylgamak we uzynlygyna bökmek boýunça bäsleşikler gyzgalaňly geçip, ýaş türgenleriň barha kämilleşýändigini görkezdi.

Netijede Bäherden etrabyndaky 27-nji orta mekdebe wekilçilik edýän okuwçylar toparlaýyn birinji orny eýeledi. 28-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary degişlilikde ikinji hem-de üçünji orunlary eýelediler.