Sylaglanyş dabarasy

2 Iýun 2023
327

31-nji maýda «Türkmen sporty» gazeti bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen test görnüşdäki sowal-jogap bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň sowallary we şerti gazetiň 22-nji aprelde çykan sanynda ýerleşdirilipdi. Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyplar bäsleşigiň netijesi boýunça iň köp we çalt berlen dogry jogaplaryň möçberi boýunça kesgitlenildi.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Begli Geldiýew ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Atageldi Myradow ikinji, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Gurbanow üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle hem Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy Hemra Täçgylyjow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Çeper Nazargylyjowa bilen Şöhrat Myradow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Baýmyrat Aşyrow, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary Hudaýberdi Aşyrow we Atamämmet Halymow, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy Töre Garageldiýew höweslendiriji baýraklary eýelediler.

«Türkmen sporty».