Sebitiň ýaş tennisçileri Aşgabatda jemlenýär

2 Iýun 2023
299

Türkmen paýtagty 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyny kabul edýär

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde ajaýyp sport merkezleriniň biri hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Iň iri halkara ýaryşlaryny kabul etmegi Diýarymyzyň abraýly halkara sport guramalarynyňdyr federasiýalarynyň üns merkezinden ornuny tapandygyny görkezýär. 2017-nji ýylda Ýer ýüzüne ýaň salan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünliklere beslenmegi, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Amuldan Hazara uzan halkara awtorallisiniň we beýleki ýaryşlaryň bütin dünýäniň ünsüni Türkmenistana gönükdirendigi diýseň buýsandyryjy hakykatdyr.

Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary, komitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.