Medeni-sport dabarasy

2 Iýun 2023
285

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli diller kafedrasynyň uly mugallymy Şasoltan Orazowanyň we Meýletinçiler merkeziniň guramagynda «Arkadag Serdarly çagalaryň gülküsi — durmuşyň güli» diýen at bilen talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda medeni-sport dabarasy geçirildi.

Dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Döwlet maksatnamasyna» esaslanylyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp guraldy.

«Türkmen sporty».