Sagdyn durmuş ýörelgesi

2 Iýun 2023
359

Ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýä, sporta möhüm orun degişli. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenişine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär.

Adam saglygyna onuň durmuş endikleri, nesil saglygy, daşky gurşaw, lukmançylyk ulgamy uly täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň baş kadalary zähmeti we dynç alşy sazlaşykly guramak, fiziki işjeňlik, dogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, taplanmak, agzybir maşgala gatnaşyklary, adamlaryň arasynda ruhy-ahlak gatnaşyklarynyň medeniýeti, zyýanly endiklerden daşda durmak bolup durýar.

T.SÄHETLIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.