Paýtagtyň sport durmuşyndan

2 Iýun 2023
336

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebiniň kikboksing boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa kikboksing bilen meşgullanýan ýetginjekleriň 82-si gatnaşdy.

Ýaryşda biziň okuwçylarymyz – 3-nji sport mekdebiniň kikboksingi saýlan ýaşlary hem diýseň netijeli çykyş etdiler. Olaryň on dördüsi açyk birinjiligiň ýeňijileri boldular. Kerim Amanow, Gündogdy Döwletgeldiýew, Andreý Buklişow, Berdimyrat Hojageldiýew, Allanazar Yhlasberdiýew, Rustam Geýdarow, Allanazar Gylyçmyradow, Ramazan Nurmyradow, Ogulgurban Orazmämmedowa, Gaýdar Gasanow, Şanazar Yhlasberdiýew, Täçmuhammet Meläýew, Ýunus Annanurow we Gurbangeldi Orazmämmedow dagy öz agram derejelerinde ýeňiş gazandy. Daniýa Ekeýew, Isa Gurbanow, Rima Leýbowiç, Akmuhammet Meläýew, Ýarbaz Batyrow, Ogulbibi Gurbansähedowa, Balaý Baýjanow, Muhammet Mämmetnazarow, Nurgeldi Sowdekow hem-de Seýran Ajanow dagy hormat münberiniň ikinji basgançagynda ornaşdy. Garaz, şägirtlerimiziň onusy ikinji orna mynasyp boldular. Arslan Baýramgeldiýew, Batyr Rustamowiç we Atajan Annaorazow dagy bolsa öz çykyşyny üçünji orun bilen jemledi.