“Ylymly il ozar”

19 Noýabr 2022
682

“Ylymly il ozar” diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki ylym ähli ösüşleriň seresidir. Ylym ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmeklige döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda galkynýan ýurdumyzda milli ylym ulgamy günsaýyn däl-de, eýsem, sagatsaýyn, minutsaýyn özgerip barýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary hilli bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, gözellik babatda gözüňi dokundurýan bilim ojaklarynyň ýaşlar üçin gapysyny giňden açmagy ylym-bilime bolan höwesi artdyrýar. Şol döwrebap orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň aň-biliminiň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Ylmyň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Her halkyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.

Beýleki habarlar