Elektrik togundan howpsuz peýdalanalyň!

30 Noýabr 2022
237

Adamlaryň durmuşynda elektrik energiýasy möhüm orny eýeleýär. Ýaşaýşymyzy abadançylyga besleýän şeýle eşretden dogry peýdalanmak bolsa möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Bu barada hut häzirki pursatda söhbet açmagymyzyň hem özüne ýetesi sebäpleri bar. Ol bolsa gyş paslynyň gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Gyşda howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary ýylatmak meselesi ýüze çykýar. Munuň özi bolsa adamlardan elektrik geçiriji ulgamlaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmagy, şeýle-de elektrik gyzdyryjy enjamlardan edilýän talaplara laýyklykda dogry peýdalanmagy, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär.

Elektrik gyzdyryjy enjamlar satyn alnanda, olaryň gyzgynlygy sazlaýjysynyň hem-de awtomatlaşdyrylan görnüşde öçürijisiniň tehniki taýdan gurat işleýändigini barlamaly. Şeýle enjamlardan peýdalanylanda, olaryň saz işleýändigine gözegçilik edip durmaly. Bu talaplaryň berjaý edilmegi garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almaga mümkinçilik berer.

Babanyýaz ILAMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.