Demokratik ýörelgeler dabaralanýar
Ozal habar berlişi ýaly, häzirki taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre boljak, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Bu saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan syýasy çäräniň halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyklykda, köppartiýalylyk, giň bäsdeşlik şertlerinde hem-de demokratik esaslarda amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Saýlaw çäreleriniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri ýerlerde welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirdiler. Maslahatlaryň barşynda öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de 25-nji ýanwarda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsümi bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, we