Il bähbidiniň goragynda

23 Noýabr 2022
257

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz şan-şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirýär. Her ýylymyz däl, eýsem, her günümiz il-ýurt bähbitli düýpli özgertmelere, asylly işlere utgaşyp, şanly wakalara beslenýär. Bu tutumly özgerişliklerden ruhlanýan ildeşlerimiz eziz Watanymyzyň ösüşine, asuda, abadan durmuşymyzyň gün-günden gowulanyşyna guwanyp ýaşaýarlar, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde, ähli ugurlar boýunça belent derejelere ýetmeginde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu bolsa ähli ulgamlar bilen bir hatarda, prokuratura edaralarynyň işgärlerini kanunlaryň hökmürowanlygyny üpjün etmek ugrunda has yhlasly we tutanýerli işlemäge borçly edýär. Şundan ugur alyp, prokuratura edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen, kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün edýärler we öz öňlerinde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Şirguly ŞIRKULYÝEW,
Saýat etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.