Bagtyýarlyga beslenýän beýik döwür

23 Noýabr 2022
278

Ýakynda Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň çöl eteginde täze dörän hojalyklarynyň ýaşaýjylary üçin şatlykly waka bolup geçdi: täze ýurtda mekan tutunan maşgalalaryň altmyşa golaýynyň ojaklarynda «mawy ýangyç» alawlap başlady. Bu ýerde, göräýmäge, ünsüňi çeker ýaly üýtgeşik zat ýok ýaly hem bolup görünýär. Sebäbi ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynyň içinde ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça uly möçberli maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde etrabymyzyň obadyr şäherleriniň ählisinde tebigy gazdan bökdençsiz peýdalanylýar. Şeýle işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Indi bolsa ýokarda gürrüňini eden wakamyza dolanalyň. Peýdalanmak üçin amatly we arzan bahaly ýangyç bolan tebigy gaz bilen täze gurlan ýaşaýyş jaýlary hem üpjün edilip başlandy. Munuň üçin umumy uzynlygy 1,5 kilometrden gowrak bolan gaz geçirijisi çekilip, gaz paýlaýjy nokatlar oturdyldy. Etrabymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde dowam etdirilýändigi bolsa gazlaşdyrmak işleriniň geljekde hem guramaçylykly dowam etdiriljekdiginden habar berýär.

Hawa, ata Watanymyzda gurmak, döretmek ýaly röwşen ýol üstünlik bilen dowam etdirilýär. Şeýle ilhalar işler bolsa eziz Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgesinden gözbaş alýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu dünýä nusgalyk başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinde öňe sürüpdi. Millionlaryň göwün guşuny ganatlandyran bu ýörelge örän gysga wagtyň içinde anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapyp ugrady. Onuň ajaýyp miweleriniň biri-de Oba milli maksatnamasydyr. Bu ilhalar maksatnama özüniň gözbaşyny 2008-nji ýyldan alyp gaýdýar. Ondan bäri geçen döwürde biziň etrabymyzda hem bimöçber işler bitirildi.

Arzuw SAPAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.