Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi

25 Noýabr 2022
401

Awaza, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz halkara geçelgeleriň Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigini belledi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary, ýurdumyzda halkara derejedäki gatnaşyklary giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri, Hazar deňziniň çäklerinde deňiz syýahatçylygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.