Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

6 Oktýabr 2022
1491

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Döwlet Maslahatynda, şeýle-de şol günki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallaryna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňe sürlen tekliplerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle hem şol gurultaýda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.