Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy: geçilen ýola nazar, geljegiň mümkinçilikleri

5 Oktýabr 2022
489

Şu gün — 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Gazagystan Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, dostlukly ýurtlar bilen döwletara gatnaşyklaryň şanly senesine bagyşlanyp, gazetimizde berilýän syýasy söhbetdeşlikler toplumyny dowam etdirmek gezegi hem Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar TAŽIBAÝEWE gelip ýetdi. Habarçymyz onuň bilen söhbetdeş bolup, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary barada käbir sowallar bilen ýüzlendi.

— Hormatly ilçi, ilki bilen, Sizi türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyndaky şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Söhbetdeşligimiziň başynda geçen 30 ýylda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda toplanan tejribeden, gazanylan ylalaşyklardan söz açylsa maksadalaýyk bolardy...

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».