Barha rowaçlanýan ösüşli menziller

11 Oktýabr 2022
469

Adam hakynda döwlet tarapyndan uly aladalar edilende ömürler, ykballar görke beslenýändir. Durmuşa geçirilýän işleriň özeninde il bagtyýarlygy, ýurt asudalygy bolanynda, öýler, obalar, şäherler zamananyň zynaty bolup nur saçýandyr. Dünýä nusgalyk bolup ýaýylýan Watan meňziniň zynaty göwünleriň görki bolup lowurdaýar. Taryhyň altyn sahypalarynda tyllaýy nur saçýan döwrüň bagtyýarlygynyň öz bagtyňdygyny duýmagyň lezzeti başgadyr. Nesilleriň gül bolup açylýan bagty äleme anbar bolup ýaýylýar. Onsoň täze dogup gelýän Günüň nurana şöhleleri, asmanyň arassalygy, döwrüň ýakymy bilen sazlaşyp, janyňa aram berýär.

Watan mähri bilen gurşalyp, ene topragyň ýylysyny duýup, dagyň üstünden öwüsýän arassa howadan dem almak bagtlylygyň alamaty. Sen şol bagty duýýan bolsaň, onda Watan üçin bitirmeli hyzmatlaryňa-da düşünýänsiň. Çünki ene deminde Watan waspy hüwdä öwrülýän bolsa, ata göreldesinde bu topraga gulluk etmegiň nusgalyk ýoly görünýändir. Ynsan kalbynda şineleýän Watan mukaddesligi şulardan gözbaşlydyr.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar