Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa çuňňur düşünýän adamyň Watanyna, ulus-iline söýgüsi belentdir, juda aňyrdandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ine, ýakynda Arkadagly Serdarymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna bermek baradaky Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine bellenildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde biz hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Pygy Baýramdurdyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.