Bedew

25 Mart 2023
309

Türkmenleň söýeni, saýyp behişdi,
Kerem-keramatly, halatly bedew.
Ümdüzne tutdursa, bir uçar guş deý,
Ýelden ýyndam, misli ganatly bedew.

Gudrat, ýigde syrdaş bolup döreýşi,
Gyz deý näzik keýerjekläp ýöreýşi,
Süňňi syzgyr, täsin laçyn garaýşy,
Haýran eder, syrdam-syratly bedew.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.