Ga­dy­my na­gyş­lar — medeni mirasymyz

25 Mart 2023
733

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmäge, onuň deňsiz-taýsyz ähmiýetli taraplaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, keşde nagyşlaryň ählitaraplaýyn syrlaryny öwrenmäge bolan şertler ýeňilliklere ýol açýar.

Geçmişde nagyşlaryň, gölleriň her biriniň ähmiýeti uly hadysa bolupdyr. Birnäçe halklaryň döreden gymmatlyklarynyň, şeýle-de türkmen halkynyň döreden nagyş-keşdeleriniň gözbaş alýan ojaklary we olaryň nusgalyk bolup ýaýran ýurtlaryny karta esasynda hem görkezmek örän täsirli. Nagyşlarda matematiki, geografiýa, taryh, biologiýa, geometriýa, himiýa ylymlara degişli köp maglumatlar alyp bolýar. Şonuň üçin hem nagyşlar ylymlary we onuň ähmiýetli taraplaryny özünde jemleýär diýip aýtmak bolýar. Türkmen nagyşlary halkymyzyň ruhy we maddy baýlygydyr. Nagyşlaryň gelip çykyşy rowaýatlara esaslanýar. Şol rowaýatlar halkymyzyň gadymyýetde döreden ruhy we medeni baýlygynyň çäksizdigini görkezýär.

Amansoltan BABAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.