«Ýylyň türkmen edermen alabaýy»

4 Dekabr 2022
733

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bolan şu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek aýratyn bir baýram hökmünde bellenilip geçildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynda geçirilen şol baýramçylyk çäresine gatnaşan hormatly myhmanlar türkmen alabaýyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklaryna, şekillendiriş, amaly-haşam eserlerine we fotosuratlara syn edip, ýurdumyzyň şöhratly geçmişini hem-de häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleri wasp edýän döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalaryň belentden-belent ýaňlanýan aýdymlaryny diňlediler. Esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orun eýeledi.  «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow bolup durýar. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy – «Toyota Camry» kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we Diplom gowşuryldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby itleriň şu tohumy bilen baglanyşykly taryhy wakalary hem-de milli medeni ýörelgeleri we däp-dessurlary ylmy taýdan yzygiderli öwrenmek üçin kuwwatly çeşme bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda: «Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabyny okanymdan soň, serime dolan goşgy setirlerimi okyjylara ýetirmegi makul bildim.

Ýe­ke­men

Ju­ma­gel­di AN­NA­ÝEW,
«Di­ýar».