Sport – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

4 Dekabr 2022
100

Sport — ru­hu­be­lent­li­ge ba­dal­ga, sport — bag­ta ýa­ran bol­ma­gyň sal­gy­sy. Spor­ta öm­rü­ni bag­lan yn­san­la­ryň mak­sat­la­ry asyl­ly, ar­zuw­la­ry wy­sal­ly bol­ýar. Hut şo­nuň üçi­nem bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan sport tag­ly­ma­ty Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­ty be­lent ba­dal­ga­ly ösüş­le­re ýa­ran bol­ýar. Türk­men spor­tu­ny ge­rim­li ös­dür­mek ba­ra­da­ky be­lent baş­lan­gyç­la­ra pä­ki­ze zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýän sport ojak­la­ry­nyň bi­ri-de, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Olimp» sport mek­de­bi­dir. Biz go­laý­da bu mek­dep­de gel­jek­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­jak tür­gen­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy we al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, «Olimp» sport mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Güýç­gel­di Ha­jy­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Žur­na­lyň şu sa­nyn­da şol söh­bet­deş­li­gi oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­mek­li­gi mü­wes­sa bil­dik:

—Güýçgeldi, ýaş türgenler ýurduň sport ulgamynyň geljekki şöhratynyň kepilidir. Türgenleriň taýýarlykly bolmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» sport mekdebi neneňsi işleri alyp barýar?

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.