Hos­sar­çyl kö­pek (hekaýa)

28 Iýul 2022
654

Goçmyrat maşgalasy bilen maslahatlaşyp, Garagum derýasynyň gaýra ýüzündäki Talhanly diýilýän ýerden mellek ýer edindi. Ol dessine şol ýerde iki otagly, dälizli jaý gurundy. Dowar saklamaga niýetlenen mal ýatak, bede saklamak üçin aýratynja desga ýasady. Hemme zat taýýar. Indi dowar alaýmaly.

Şol günleriň birinde Goçmyrat Börme obasynyň ýokarsynda, dag içinde ýerleşýän Saýwan obasynda ýaşaýan gullukdaşyna jaň edip, amatlyrak bolsa 30 — 40 sany dowar almak niýetiniň bardygyny aýtdy. Şondan köp wagt geçmänkä Goçmyradyň gullukdaşy 25 sany goýny, 20-ä golaý geçini, hemmesini bir ýerden alsa oňşup berjek diýýän adamyň bardygyny habar berdi.

Gy­lyç­my­rat GURBANOW.