Ulag ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň ke­pi­li

1 Iýun 2022
1360

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bir ugruny durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginde görýär. Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara derejesinde giňden goldaw tapýar. Oňa dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýlelik-de, ýurdumyz ähli babatda bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alýar. Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işi üstünlikli dowam edýär. Şol başlangyçlaryň biri hem ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de has-da ösdürmekdir.

Döwletmyrat MYRATGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.