Bilimler we talyp ýaşlar güni

1 Sentýabr 2023
593

Şü gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi. Bu gün Watanymyzyň durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýramlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen eziz Diỳarymyzda bu baýramçylyk mynasybetli bir bada 3 sany täze ýokary okuw mekdepleriniň düybi tutuldy.

Ylaýta-da, täze 2023-2024-nji okuw ýylyny dabaraly nyzamlar bilen garşylan bilim edaralarynda geçirilen ilkinji sapaklarda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünlikleri baradaky söhbetdeşler ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanja besledi. 

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».