Nesilleriň aýdyň geljegi

2 Iýun 2023
812

Düýn, 1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenilip geçirildi. Bu baýram milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda, Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklap, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär we özüniň ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary derejeleri görkezýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynda, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde, seýilgählerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýän şanly baýramçylyk çärelerinde özlerine bildirilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşajyk raýatlarymyz, çaga kalbynda beslän ýürek joşgunlaryny beýan etdiler.

Akkeýik Allagulyýewa,
«Diýar».