Ömürlere ýaraşyk

29 Maý 2023
479

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz gülläp ösýär, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere, rowaçlyklara beslenýär. Şular ýaly bagtly, eşretli döwrüňe, döwranyňa, günüňe buýsanyp ýaşamak, gör, nähili bagt. «Tebibiň emi derman — enäniň demi» diýýän türkmen ilinde enelerimize uly sylag-hormat goýulýar. Bu mukaddeslige sarpa hakynda Gahryman Arkadagymyz: «Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr» diýip belleýär.

Enäniň dünýädäki iň uly arzuwy, buýsanjy öz söýýän, mähir berýän perzendiniň gowy durmuşda ýaşamagy bolup durýar. Şonuň üçinem «ene» sözi «perzent» sözi bilen mydama bitewiligi aňladýar. Sebäbi bu gudratly sözlerde ene tebigatyň paýhasy ýatandyr. Tebigatyň, durmuşyň kadasy şeýle. Ilki bäbejik bolup dünýä inmeli, soň ene mähriniň ýylysy bilen ulalmaly. Çünki enäniň söýgüsi Ýer ýüzünde iň uly söýgüdir. Tebigat üçin Günüň ýyly çogy nähili zerur bolsa, perzent üçin hem ene mähri şeýle mukaddesdir. Perzent her bir maşgalanyň goralmaly iň uly hazynasy. Olara bolan söýgi, buýsanç ene mähriniň gözbaşy. Her bir ene üçin perzendini söýüp, söýgüläp, ezizläp oňa enelik mährini berip ýaşamakdan uly bagt ýok bolsa gerek?!

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».