Py­ra­gy­nyň ebe­di­leş­di­ri­len keş­bi

29 Maý 2023
480

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty, medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Ruhy-medeni mirasymyzyň ähli ugurlaryny ylmy esasda öwrenmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugruna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen milli şahsyýetlerimizi wasp edýän ençeme eserler bolsa jemgyýetiň watançylyk ruhuny göterýär. Ady belli ussatlar we ýaş suratkeşleriň döreden işleriniň köpüsi beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan. Magtymgulynyň keşbi şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk ýaly ugurlarynda we haly sungatymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şahyryň goşgulary halkyň arasynda nakyllara, aýdymlara, dana sözlere öwrülip, biziň günlerimizde aýratyn beýanyny tapýar. Çünki Magtymgulynyň poeziýasy türkmen halkynyň millilik düşünjelerini beýge galdyrdy. Halkyň pikirlerini goşgularynda açyp görkezmek bilen, ol adamlaryň ýürek sözüne, paýhas çeşmesine öwrüldi. Ondan soňky döwürde ýaşan nusgawy söz ussatlary öz döredijiliklerinde bu taglymatlary dowam etdirdiler. Akyldaryň çeperçilik ideýalarynyň, tematikasynyň özeni halkyň durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýän filosofiki pikirlenmeden ybarat bolup durýar. Şahyryň eserlerinde iň gowy ynsan häsiýetlerini özünde jemleýän gahrymanyň keşbi şekillendiriş sungatynda hem mynasyp orun tapdy.

Heýkeltaraşlyk sungatynda Magtymgulynyň keşbini janlandyrmaga işjeň gatnaşan türkmen ussatlardan S.Artykmämmedowy, B.Annamyradowy, S.Babaýewi, G.Ýarmämmedowy, N.Ataýewi, Ý.Madatowy, M.Ýüzbaşowy we başga-da birnäçe ýaş heýkeltaraşlary görkezmek bolar. Türkmen heýkeltaraşlyk sungatyna uly goşant goşan Baýrammyrat Esengeldiýew «Magtymguly Pyragy» atly işinde akyldar şahyryň halkyň arasynda öwüt-ündew berip aýlanyp ýören pursadyny beýan edipdir. Heýkeltaraş bu işinde şahyry mähirli duýgularyň üsti bilen boýdan başa janlandyrýar. Umuman türkmen heýkeltaraşlary Magtymguly Pyragynyň çeperçilik obrazyny dürli çig mal serişdeleriň, taslama çözgütleriň üsti bilen şekillendirip, şahyryň çuňňur many-mazmuna ýugrulan döredijiligini görkezmäge çalyşýarlar.

Bahar BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.