Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

29 Mart 2023
421

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingiň dowamynda bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagy, onuň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň üpjün edilmegine, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wezipeleri çözmek maksady bilen, giň gerimli uzak möhletleýin özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ygtybarly binýadyny üpjün edýän milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy tejribesine esaslanýan, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerini we kadalaryny, döwlet gurluşynyň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwlet hem-de jemgyýetçilik ulgamy ösdürilýär.

Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.