HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Mary welaýaty, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Halkymyzy ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Мüňlerçe maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna we kottejler toplumyna göçüp geldiler. Köp sanly jaý toýlarynyň toýlanylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän häzirki zamanyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar.

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle-de “Altkom” we “Interbudmontaž” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT ULGAMY «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz adamyň saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtaýar. Bu babatda 2022-nji ýylda saglygy goraýyş we sport ýaly möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bellärliklidir. Bu ulgamlar adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni almakda, kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işi dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanydyr

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar. 16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň we ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama ygrarlylyk tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.