Agzybirligiň hem jebisligiň nyşany

29 Mart 2023
251

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şeýle wakalaryň hatarynda golaýda ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny görkezmek bolar. Bu syýasy çäre halkymyzyň agzybirliginiň hem-de döwlet Baştutanymyzyň daşyna berk jebisliginiň nyşany boldy.

Saýlawlarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiz — Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp ses bermekleri halkymyzda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu möhüm çäre gülleýän, gül açýan Watanymyzda bagtyýar geljegiň bähbidine demokratik özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyny bütin dünýä ýene bir ýola äşgär etdi.

Japar BAÝJAÝEW.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap birleşmesi.