HABARLAR

Döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Balkan welaýaty, 5-nji awgust. Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde şatlykly ýagdaý emele geldi — ähli ýerde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar. Ýaş aýdymçylaryň we tansçylaryň köpöwüşginli çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça gezelenç hem-de welosipedli ýöriş etdi

Awaza, 4-nji awgust. Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Täze sport üstünlikleri bilen Watanymyzyň şöhraty artýar

Awaza, 3-nji awgust. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana-dynç alyş düzümini ösdürýär

Awaza, 1-nji awgust. Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy iýul. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ol şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň mynasyp gulluk etmegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Milli goşunyň ähli düzüm bölekleriniň işini kämilleşdirmek, harby ulgamda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy.

Türkmenistanda awgust aýynda birnäçe çäreler geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyna garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 1-nji awgustynda «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.  

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 29-njy iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

 Türkmenistanyň topary Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň 85 adamdan ybarat türgenleri şu gün irden Moskwanyň üsti bilen Wladiwostok şäherine geldiler. Uzak uçuşdan soň dynç alan türkmenistanlylar oýunlaryň «Fetisow Arena» medeni-sport toplumynda geçirilen açylyş dabarasyna bardylar.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykdy. Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy. Kitapdaky işlerde, şol sanda statistiki maglumatlarda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda gazanylan hem-de Watanymyzy täze sepgitlere tarap alyp barýan köpugurly üstünlikler şöhlelendirilýär. Onda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün edýän ägirt uly taslamalaryň, milli maksatnamalaryň, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda durmuşa geçirilýän syýasatymyzyň esasy strategik maksatlarynyň many-mazmuny açylyp görkezilýär.