Arkadagyň ak şäheri

28 Mart 2023
301

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip bellemek bilen, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik wezipeleri üstünlikli çözmek babatdaky tagallalarda ýaşlaryň döredijilikli we tutanýerli zähmetine aýratyn ähmiýet gönükdirýär, olara uly ynam bildirýär. Şonuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, ylym-hünär öwrenmegi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ugrunda ähli şertleri hem-de mümkinçilikleri döredýär.

Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäherindäki edaralaryň, gulluklaryň ýolbaşçy wezipelerine, aýratyn-da, ýaşlaryň bellenilmegi ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülmegi berkarar Watanymyzda ýaş nesiller hakda edilýän aladanyň özboluşly dabaralanmasy bolup, kalplarda buýsanç duýgusyny döredýär.

Sapamuhammet SETDAROW,
Bäherden etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.