Ýaşlar syýasatynyň berk binýady

28 Mart 2023
285

Eziz Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak wezipesi maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Ýaşlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, her bir ýaş raýatyň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagynyň, saglygyny we ömrüni gorap saklamagynyň hem-de berkitmeginiň, bilim almagynyň, boş wagtyndan netijeli peýdalanmagynyň, sport bilen meşgullanmagynyň, aýratyn zehinli ýaşlaryň höweslendirilmeginiň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda döwletiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýan hem-de milli däp-dessurlardan ugur alýan kämil ýaşlar barada kanunçylyk binýady, syýasaty berkarar edilendir. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna we ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap tehnologiýalaryň has-da ösen döwründe ýaşlaryň özgerýän aňyna, şonuň netijesinde olaryň talaplaryna, mümkinçiliklerine jogap berýän täze kanunçylyk resminamalaryny durmuşa geçirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş edip, möhüm, jogapkärli wezipeleriň toplumyny, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýalary barada belledi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşininiň kabul edilmegi ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyryp, olar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge gönükdirilendir. Kanun, ilkinji nobatda, ýaş raýatlaryň bähbidini goraýar. Kanunyň esasy subýekti bolan ýaş raýatyň döwletiň iň gowy mümkinçiliklerinden we ýeňilliklerinden peýdalanmagy kanunda doly kepillendirilýär. Ýaşlara bagtly geljegiň ýagty umytlary hökmünde baha berilýär. Kanunyň maddalarynda döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri aýdyň kesgitlenip, şolaryň esasynda ony durmuşa geçirmegiň tärleri we çäreleri anyk salgy berilýär.

Merjentuwak PIRIÝEWA,
Ak bugdaý etrabynyň ýuridiki maslahathanasynyň adwokaty.