Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýjy kärhanasy döwrebaplaşdyrylar

28 Ýanwar 2023
387

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji wagon abatlaýyş zawody hasaplanýar.

Gyzylarbadyň wagon abatlaýyş zawody Türkmenistanyň taryhynda demir ýol hojalygyna degişli ilkinji kärhanadyr. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrynda ruslar tarapyndan döredilen wagon abatlaýyş zawody indi türkmen we rus demir ýol hünärmenleriniň gatnaşmagynda täzeden döwrebaplaşdyrylar. Zawody döwrebaplaşdyrmak işine Russiýanyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasy gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Stolýarow Aşgabat şäherinde 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda mälim etdi.