Türkmen-gyrgyz ulaglar arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň 11 aýy boýunça 160,2% ýokarlandy

28 Ýanwar 2023
405

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti geçen hepde çap eden hasabatynda mälim etdi.

2021-nji ýylyň birinji on bir aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 30,59 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.