Ýaş nesil – ýurduň geljegi

13 Ýanwar 2023
406

Her bir ýyly zamanamyzyň ajaýyp ruhuna kybap gelýän mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem bütin halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň göwnüni galkyndyrdy.

Eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasaty Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaş nesil baradaky şeýle üns-alada bagtyýar ýaşlarymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek maksadyndan ugur alýar.

Akmämmet ŞIRMÄMMEDOW,
TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy.