HABARLAR

Ulag ulgamynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşantdyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry) Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda sirk sungaty, ýerli öz-özüňi dolandyryş we notarial edaralaryň işi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle-de parlamentariler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.

2022-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alnyp, geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, okuw maslahatlary, sergiler, medeni çäreler hem-de beýleki wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegi ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajraf bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi, Türkmenistan bilen bu geňeşiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag we logistika, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli guralydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depgini, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

Ahal welaýaty, 10-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.