Türkmenistan — Indoneziýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk

9 Dekabr 2022
570

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bilen ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkidýän döwletleriň sany barha artýar. Şu gün — 10-njy dekabrda Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli okyjylarymyza dostlukly ýurt baradaky gyzykly maglumatlary ýetirýäris.

Gadymyýet bilen häzirki zamanyň utgaşýan mekany bolan Indoneziýada belent hem döwrebap ymaratly şäherlerdir taryhy ýadygärlikler biri-biri bilen goňşuçylykda ýerleşip, özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».