Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

6 Dekabr 2022
265

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellenildi.

Türkmen gündogary.