Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6 Dekabr 2022
253

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, häzirki wagtda bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada habar berdi.