Watanymyzyň sport abraýy barha beýgelýär

2 Dekabr 2022
444

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamy hem düýpli özgerişlere beslenýär, uly ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ata Watanymyzyň dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilmeginiň bu günki gün ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýändigini nygtasak, elbetde, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi we beýleki halkara sport ýaryşlary dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalar bolup, ýurdumyzyň şan-şöhratyny täze belentliklere göteripdi.

Hawa, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly işler ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki abraý-mertebesi öňküden hem belende göterilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen dürli sport desgalarynda alnyp barylýan giň gerimli işleri, döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikleri göreniňde, türkmen sportunyň geljekde has-da uly sepgitlere eýe boljakdygyna asla ikirjiňlenmeýärsiň.

«Türkmen sporty».