Kämillik ojagy

2 Dekabr 2022
494

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň 600-e golaýy sportuň dürli görnüşleri boýunça yhlasly türgenleşip, beden hem ruhy taýdan kämillige ymtylýar. Şu ýyl sport mekdebimizde ozal hereket edýän futbol, basketbol, gandbol, tennis, söweş sambosy, taýboks ýaly görnüşleriň üstüne agyr atletika hem goşulyp, bu ýerde tälim berilýän sport görnüşleriniň sany ýedä ýetdi.

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebinde sportuň toparlaýyn görnüşleri boýunça hem, ýekeleýin görnüşler boýunça-da türgenleşikler tejribeli tälimçiler tarapyndan alnyp barylýar. Mekdebimiziň türgenleri ýurt we şäher derejesindäki ýaryşlarda yzygiderli tapawutlanyp, barha kämilleşýändiklerini görkezýärler.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.