Ýaş türgeniň ýürek sözi

2 Dekabr 2022
537

Ýakynda Gruziýada ýaý atmak boýunça Ýewraziýanyň çempionaty geçirilip, bu bäsleşikde türkmen türgenleri 8 medal eýelemegi başardylar. Biz hem bu ýaryşda bürünç medal eýelän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Köwser Abbasowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

– Türkmenistan – sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň ýurdy. Munuň şeýledigini sport ulgamynda gazanylýan halkara ýeňişler hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Türkmen Tuguny belentde parladyp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrýan türkmen türgenleriniň halkara sport üstünlikleriniň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen sportuny ösdürmek ugrundaky taýsyz aladalary ýatyr.

Söhbetdeş bolan Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
ýaş žurnalist.