Welaýatlardan habarlar

2 Dekabr 2022
341

Bu gün eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler diýseň ýokary baha eýedir. Şol ajaýyp ädimleriň netijesini wagyz etmek bolsa beýleki edara-kärhanalardyr guramalar bilen birlikde, sport ulgamynyň wekilleriniň hem paýyna düşýär.

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebi bu ugurda alyp barýan işleriniň yzygiderliligini üpjün edýär. Mekdebiň tälimçi-mugallymlary ýaşlar bilen guraýan maslahatlarynda zyýanly endiklerden daşda durmagyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň zerurlygy barada-da içgin düşündirýärler.