Maksatlarymyz myrat tapýar

1 Dekabr 2022
403

Gadymyýetde bir ulamadan: «Dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmagyň syry nämede?» diýip soranlarynda, ol pikirlenmezden: «Parahatçylyk diňe bagtyýar çagalygyň höküm süren ýerinde dörär» diýip jogap beripdir. Elbetde, «Maňa ýaşlaryňyzy görkeziň! Men hem size geljegiňiziň nähili boljakdygyny aýdyp bereýin» diýýän dana hakyndaky tymsalam köpimize nätanyş bolmasa gerek. Bu zatlara aýdyňlygy bilen akyl ýetiren pähimli pederlerimiz ähli döwürlerde-de nesil baradaky aladany döwrüň iň möhüm meselesi hasaplapdyrlar.

Paýhasly pederlerimiziň pähimlerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada alyp barýan döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugry. Döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralyp, olara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler hem durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilip, olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.