COP28 BAE-de ge­çi­ri­ler

1 Dekabr 2022
228

BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty (COP28) gel­jek ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ri­ler. BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum bu mas­la­ha­tyň 2023-nji ýyl­da ýurt­da ge­çi­ril­jek iň mö­hüm wa­ka bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Go­laý­da Şeýh Mo­ham­me­d BAE-niň Hö­kü­me­ti­niň her ýyl­ky mas­la­ha­tyn­da çy­kyş edip, ýurt­da gel­jek ýyl COP28-i gu­ra­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da BAE-niň se­na­gat we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nist­ri, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Sul­tan bin Ah­med Al Ja­ber BAE-niň tu­tan­ýer­li­li­gi­niň, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len pug­ta dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de ener­ge­ti­ka we dur­nuk­ly ösüş pu­dak­la­ryn­da wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen tej­ri­be­si bi­len ber­ki­di­len ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler­de eýe­le­ýän prag­ma­tik ug­ru­nyň ýur­da 2023-nji ýyl­da COP28 mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ha­kyn­da hal­ka­ra yla­la­şy­gy­ny ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­ni bel­le­di.