Türkmenler irki döwürlerden bäri daýhançylygy ösdürmäge aýratyn goşant goşan halklaryň biridir. Munuň şeýledigine şöhratly taryhymyzyň köne gatlarynda duş gelinýän ýadygärliklerden tapylan tapyndylaryň üsti bilen hem göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda hem gadymy ekerançylygyň mesgeni bolan ýadygärlikler, oturymly ýerler hakynda gyzykly, täsirli maglumatlar getirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli, mes gadymy türkmen topragynda - Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir» diýýän sözleri hem muňa şaýatlyk edýär.