Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji san­ly ilat ýa­zu­wy

1 Dekabr 2022
259

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­di­lip, ýur­du­my­zyň dur­muş ul­ga­my yzy­gi­der­li öz­ger­ýär. Ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny we iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň 17-27-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da «Ilat ýa­zu­wy – 2022: Je­bis­lik, Bag­ty­ýar­lyk, Röw­şen gel­jek!» şy­ga­ry bi­len ýur­du­myz­da ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy ge­çi­ri­ler.

De­kabr aýyn­da ge­çi­ril­jek ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­nyň baş mak­sa­dy ila­tyň de­mog­ra­fik dü­zü­mi hem-de ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy ba­ra­da­ky anyk mag­lu­mat­la­ry al­mak­dan yba­rat bo­lup, şol bir wag­tyň özün­de, me­ýil­leş­di­ril­ýän bu mö­hüm çä­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň 2015-nji ýyl­da ka­bul edi­len Ka­ra­ry­nyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz bi­len BMG-niň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.