Ene göreldesi – edep ýörelgesi

1 Dekabr 2022
1057

Ine, şeýle at bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasy edebi-sazly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Mukaddeslige deňelýän eneler görelde mekdebi, nusgalyk ýörelgedir. Gyz perzendiň terbiýesinde, esasan, enelere uly orun degişlidir. Enelerimiz gyzlaryny kiçilikden milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýeleýärler. Edep-ekramlylygy, zähmetsöýerligi, päk ahlaklygy ýörelge edinýän maşgalada terbiýelenýän perzentler ilhalar adamlar bolup ýetişýärler.  

«Zenan kalby».