Ata Watanym — dilde dessanym

30 Noýabr 2022
247

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli pudaklary uly üstünliklere beslenýär. Ata Watanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, sebitde durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna, parahatçylygyň, asudalygyň we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli geljegi, agzybirligi we erkana ýaşamaklary babatda alyp barýan tutumly işleri häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.

Täze taryhymyzyň altyn sahypalaryna ser salanyňda, geçen gysga döwürde il-ýurt ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Gurlup ulanylmaga berilýän dürli hyzmat ediş binalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, köpugurly sport mekdepleri, orta we ýokary okuw mekdepleri bu gün halkymyza döwrebap hyzmat edýär. Ýaňy-ýakynda açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berlen «Daşkent» dynç alyş seýilgähi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu ajaýyp seýilgäh Özbegistan Respublikasy bilen ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Munuň özi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirip, durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgüsini, döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga höwesini has-da artdyrýar.

Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».