Täzelikler

29 Noýabr 2022
74

Gyzlara el hünärlerini öwretmek ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgesidir. Halkymyzda hünär bereket başy hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp Saýat etrabynyň «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen çäre hem el hünärini öwrenmeklige, ony ýaş neslimize miras galdyrmaklyga bagyşlandy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklaryndaky «Hünär bereket getirer» ady bilen geçirilen bu çärä kümüş saçly enelerimiz, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we öý hojalykçy işjeň zenanlar gatnaşdylar.